Menu
KITAP BILIMLERIŇ ÇEŞMESIDIR!

MARY WELAÝAT KITAPHANASY

TÄZE KITAPLAR



Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmen alabaýy

Türkmen halkynyň milli Lideriniň aladalary netijesinde halkara derejesinde durmuşa geçirilýän döwletli işleriniň ähmiýetliligi ýokarlanýar. Eliňizdäki şu kitapda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany bolup hyzmat eden milli gymmatlygymyz alabaý itlerimiz dogrusynda söhbet açylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň bu eseri adamzadyň gymmatly durmuş tejribesiniň pähim-paýhas käniniň önümi bolan milli baýlyklarymyza has çuňňur aralaşmaga mümkinçilik berýär. Gadymyýetden şu güne ýetirilen milli gymmatlyklaryň esasyndaky durmuşyň wajyp ýörelgeleriniň özboluşly beýanyny özünde jemleýän bu eseri okap, türkmen alabaýy hakyndaky düýpli pikirleriň paýhas ýaýlasyna seýil edersiňiz.


Gurbanguly Berdimuhammedow

Atda wepa-da bar, sapa-da

Türkmen bedewi adamzat medeniýetiniň aýrylmaz bölegi, gadymdan bäri edebi ýazgylaryň esasy gahrymany bolmagynda galýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ahalteke bedewleriniň şan – şöhratyny has belende galdy. Gahryman Prezidentimiz “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly täze kitaby halkymyzyň watançylygyň, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň kemala gelmeginde bedewleriň ornuny açyp görkezýärler.


Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri XI tom.Rus dilinde


Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri XI tom.Iňlis dilinde


Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri XI tom.

Bu ensiklopedik kitap biziň pederlerimiziň örän baý mirasyny, meşhur alymlaryň we lukmanlaryň, halk tebipleriniň tejribesinden dörän gymmatlyklary öwrenmekligiň dowamydyr. Kitapda şu wagta çenli biziň tebigatymyzyň endemik ösümlik görnüşleriniň halk lukmançylygynda has giňden peýdalanylýan, emma saglygy goraýyş ulgamynda heniz ulanylmadyk we öwrenilmedik birnäçe ösümliklere aýratyn ähmiýet berlip, olaryň şypaly häsiýetleri açylyp görkezilýär. Kitabyň esasy maksady lukmançylyk ulgamynyň işgärlerine, dermanlyk çig mallary taýýarlaýanlara we ýygnaýjylara dermanlyk ösümlikler barada öz bilimleriniň üstüni ýetirmekden, olaryň gurluşy, bitýän ýerleri, ýaýraýşy, himiki düzümi, ösüş şertleri, lukmançylyk tejribesinde peýdalanylyşy, şeýle-de ýygnamaklygyň möhleti, usullary, saklamaklygyň düzgünleri, ekologik ähmiýetliligi baradaky maglumatlary giňeltmekden ybaratdyr. Biziň ýurdumyzyň baý ösümlik dünýäsi, onuň halk lukmançylygyndaky gadymy däpleri bilen tanyşdyrmak üçin, bu kitap giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir.


Gurbanguly Berdimuhamedow

Ösüşiň täze belentliklerine tarap iňlis dilinde. Saýlanan eserler. 11-nji tom.


Gurbanguly Berdimuhamedow

Ösüşiň täze belentliklerine tarap. Saýlanan eserler. 11-nji tom.

Bu kitap Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2017-nji ýyldaky – Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýlip yglan edilen ýyldaky maksatnamalaýyn çykyşlaryny, ylmy makalalaryny, interwýularyny, gutlaglaryny we ýüzlenmelerini özünde jemleýär. Kitap Watanymyzyň gülläp ösmeginiň we türkmen halkynyň abadançylygynyň hatyrasyna amala aşyrylýan beýik özgertmeler hakynda aýdyň düşünje berýär. Bu okyja ýylyň ähmiýetli wakalaryna köp jähtli görnüşde täzeden garamaga we döwletiň syýasy hem-de hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, ýurduň halkara abraýyny artdyrmak, onuň dünýä syýasatyndaky ornuny ýokarlandyrmak üçin olaryň ähmiýetine baha bermäge mümkinçilik berýär. Neşir ýurtdaky bolup geçýän oňyn özgertmeleriň depginini beýan etmek bilen, möhüm ylmy-resminamalaýyn, maglumat-aň-bilim üçin çeşme bolup durýar. Tom ylmy-maglumat çeşmesi bilen üpjün edilendir. Kitabyň goşundysynda adam atlarynyň we geografik atlarynyň görkezijileri, gysgaltmalaryň sanawy ýerleşdirilendir. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň iň täze taryhyny we ösüşiň belentliklerine tarap barýan ýoluny nurlandyrýan bu neşir okyjylaryň giň köpçüliginde uly gyzyklanma döreder.


Gurbanguly Berdimuhamedow

Ösüşiň täze belentliklerine tarap rus dilinde. Saýlanan eserler. 12-nji tom.


Gurbanguly Berdimuhamedow

Ösüşiň täze belentliklerine tarap. Saýlanan eserler. 12-nji tom.

Bu kitap Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar astynda geçen 2018-nji ýyldaky maksatnamalaýyn çykyşlaryny, ylmy makalalaryny, interwýularyny, gutlaglaryny we ýüzlenmelerini özünde jemleýär. Kitap Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli taslamalar we maksatnamalar, halkara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek, şöhratly taryhymyzy çuňňur öwrenmek, şeýle hem biziň gazanýan üstünliklerimizi dünýä wagyz etmek barada aýdyň düşünje berýär, bu okyja ýylyň köptaraply we yzygiderli esasy wakalaryna täzeden garamaga hem-de döwletiň syýasy we hukuk esaslaryny, onuň ykdysady taýdan gülläp ösüşini, jemgyýetiň ruhy ösüşini we durmuş abadançylygyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň halkara abraýyny, onuň dünýä syýasatynda eýeleýänornuny ýokarlandyrmak üçin olaryň ähmiýetine baha bermäge mümkinçilik berýär. Neşir ýurdumyzda bolup geçýän oňyn özgertmeleriň depginini, özgertmeler taglymatlaryň manysyny we täzeçilligini, döwlet Baştutanmyzyň alyp barýan syýasatynyň ösüşe gönükdirilendigini hem-de onuň ynsanperwer manysyny, türkmenistanlylaryň milletiň Liderini we durmuşa geçirýän syýasy ugruny doly hem-de gürrüňsiz goldaýandyklaryny beýan edip, möhüm ylmy-resminamalaýyn, maglumat-aň-bilim üçin möhüm çeşme bolup durýar. Tomda ýerleşdirilen materiallar Türkmenistanyň häzirki zaman ideologiýasynyň many-mazmunyny açyp görkezýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň toma girizilen 92 işi ýurdumyzda ylmyň mundan beýläk-de döredijilikli ösdürilmegi, aýratyn-da, taryh, syýasaty we jemgyýeti öwreniş üçin nazaryýet we amaly taýdan uly gymmatlyga eýedir. Bu kitap ýaş nesli watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik we ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek, onda sagdyn durmuş ýörelgesine oňyn garaýşy kemala getirmek, raýat jogapkärçilik duýgusyny berkitmek üçin möhüm ähmiýete eýedir. Tom ylmy-maglumat çeşmesi bilen üpjün edilendir. Kitabyň goşundysynda adam atlarynyň we geografik atlarynyň görkezijileri, gysgaltmalaryň sanawy ýerleşdirilendir. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň iň täze taryhyny we ösüşiň belentliklerine tarap barýan ýoluny nurlandyrýan bu neşir okyjylaryň giň köpçüliginde uly gyzyklanma döreder.


Kakamyrat Rejebow

Bagtyň suraty

Şahyr Kakamyrat Rejebowyň kitaba girizilen goşgularynyň içinden watançylyk temasy eriş-argaç bolup geçýär. Ol durmuş hakda, döwür barada, tebigatyň sazlaşykly owazydyr yşk-söýgi dogrusynda söhbet açmak bilen, diňe öz garaýyşlaryndan ugur alýar. Şonuň üçin hem onuň goşgulary söýlüp okalýar.


Hojanepes Meläýew

Durmuş dowamaty

Ýazyjynyň kitaba girizilen “Şazadanyň ýaşlygy” powesti türkmen halkynyň gerçek ogly Jelaleddin Meňburnyň ömür ýolunyň ilkinji ýyllaryndan täsirli söhbet açýar. Watansöýüjilik, il-günüň derdine ýaramak, mertlik, halallyk ýaly häsiýetleriň üsti bilen gahrymanyň içki dünýäsi açylyp görkezilýär. “Tylla teňňeler” powesti bolsa ynsan ahlagynyň iň gymmatly baýlykdygyny ündeýär. Bu eserde milli häsiýetleriň özboluşly suratlandyrylmasy okyjyny biparh goýmaýar. “Garagöz” hekaýasy milletimiziň esasy guwanjydyr baýlyklarynyň biri bolan alabaýlar hakyndadyr. Juda üşükli, eýesine wepaly, kanagatly janawaryň çeper suratlandyrylmasy awtoryň kämillik derejesini görkezýär. Umuman, ýygynda girizilen eserler hiç wagt könelmejek gymmaty bilen okanlaryň kalbynda orun alar.


Saragt Babaýew

Berlen neşir görnükli türkmen heýkeltaraşy, täzelik agtarýan we döredijilikli işleýän suratkeş, heýkeltaraşlaryň ençeme nesliniň mugallymy Saragt Babaýewiň sungatyna bagyşlanýar. Tanymal halypanyň durmuşy täsin wakalardan, ýatdan çykmajak duşuşyklardan hem-de çensiz üstünliklerden doludyr. 70 ýylyň dowamynda heýkeltaraş Saragt Babaýew stanok, monumental, haşam heýkeltaraşlygy ugrundan dürli eserleri döredýär. Esgerleriň, serkerdeleriň, şahyrlaryň, syýasy işgärleriň Türkmenistandaky, Özbegistandaky, Türkiýedäki, Russiýadaky monumental ýadygärlikleri hem-de ençeme portretleri bu eserleriň arasynda saýlanýar. Saragt Babaýewiň birnäçe döredijilik eserleri dürli ýurtlaryň hususy ýygyndylarynda we muzeýlerinde, şol sanda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde saklanylýar. Bu kitapda heýkeltaraşyň täze eserleri görkezilýär, olaryň bir bölegi bolsa ilkinji gezek çap edilýär.





Летопись великих свершений

Книга является продолжающимся хронологическим изданием. В ней представлен комплексный обзор важнейших событий, происходивших в жизни Туркменистана в 2017 г., ставшим независимой Отчизны одним из благоприятных и наглядно свидетельствующим о росте международного авторитета Туркменского государства.


Allaýar Çüriýew

Galkynan Göwün

Şahyr Allaýar Çüriýewiň bu goşgular ýygyndysyna onuň dürli ýyllarda ýazan şygyrlary girizildi. Tanymal şahyryň ezber galamynyň astynda çykan bu şygyrlar berkarar Watanymyzyň belent üstünlikleri, türkmen tebigatynyň ajaýyp gözelligi, ynsan kalbynyň ýokary ahlak mertebesi, hallalyk, lebizlik, şeýle hem päk söýgi çeper dilde beýan edilen.


Rejebow Nobatguly

Kalbymyň senasy

Görnükli türkmen şahyry Türkmenistanyň halk ýazyjysy Rejebow Nobatguly on bäş sany goşgular ýygyndysyny çapdan çykardy. Eliňizdäki “Kalbymyň senasy” atly kitabyna Nobatguly Rejebow iň gowy goşgulary girizildi.


Nazar Gullaýew

Ömrümiň dowamy


Gurbanguly Berdimuhamedow

Ösüşiň täze belentliklerine tarap iňlis dilinde. Saýlanan eserler. 11-nji tom.

Bu kitap Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2017-nji ýyldaky – Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýlip yglan edilen ýyldaky maksatnamalaýyn çykyşlaryny, ylmy makalalaryny, interwýularyny, gutlaglaryny we ýüzlenmelerini özünde jemleýär. Kitap Watanymyzyň gülläp ösmeginiň we türkmen halkynyň abadançylygynyň hatyrasyna amala aşyrylýan beýik özgertmeler hakynda aýdyň düşünje berýär. Bu okyja ýylyň ähmiýetli wakalaryna köp jähtli görnüşde täzeden garamaga we döwletiň syýasy hem-de hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, ýurduň halkara abraýyny artdyrmak, onuň dünýä syýasatyndaky ornuny ýokarlandyrmak üçin olaryň ähmiýetine baha bermäge mümkinçilik berýär. Neşir ýurtdaky bolup geçýän oňyn özgertmeleriň depginini beýan etmek bilen, möhüm ylmy-resminamalaýyn, maglumat-aň-bilim üçin çeşme bolup durýar. Tom ylmy-maglumat çeşmesi bilen üpjün edilendir. Kitabyň goşundysynda adam atlarynyň we geografik atlarynyň görkezijileri, gysgaltmalaryň sanawy ýerleşdirilendir. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň iň täze taryhyny we ösüşiň belentliklerine tarap barýan ýoluny nurlandyrýan bu neşir okyjylaryň giň köpçüliginde uly gyzyklanma döreder.