Menu
KITAP BILIMLERIŇ ÇEŞMESIDIR!

MARY WELAÝAT KITAPHANASY


TARYHY MAGLUMATLAR

Hormatly Prezidentimiz “Türkmen halky gadymy döwürlerde kitaba, ylma, sungata uly hormat-sarpa goýan halklaryň biridir. Nusaýyň, Köneürgenjiň, Merwiň baý kitaphanalary bütin dünýäde belli bolupdyr. Türkmeniň milli mirasy, ajaýyp ýazuw ýadygärlikleri hemişe ýokary baha mynasyp bolupdyr. Türkmen golýazmalarynyň kagyzyna, bezegine, möhürlerine haýran galan dünýäniň we Ýewropanyň gündogarşynas alymlary, syýahatçylary ýazuw çeşmelerimiziň dünýä gymmatlyklarynyň arasynda özboluşlylygy, milli öwüşgini bilen tapawutlanýandygyny nygtaýarlar” diýip belleýär.

Biziň ösen jemgyýetimizdäki kitap neşiri öz gözbaşyny adamzadyň müňlerçe ýyllaryň dowamynda toplan paýhas hazynasy bolan golýazma kitaplaryndan alyp gaýdýar. Türkmenistanyň çäklerinde “Awesta” kitabynyň ýazylmagy ata-babalarymyzyň gadymy kitapşynaslygynyň taryhy köklerinden, hat-ýazuw işleriniň kämilleşmeginden habar berýär. Kitapşynas alym Almaz Ýazberdiýewiň “Gadymy Orta Aziýanyň kitap işi” atly kitabynda Yslama çenli döwürde ýurdumyzda kitapşynaslygyň we ýazuwyň ösüşi barada çuňňur maglumatlar alyp bolýar. Gadymy kitapşynaslygyň ösmegi hat-ýazuw işleriniň kämilleşmegi bilen baglanyşyklydyr. Kätipligiň, kämilleşen hat-ýazuwyň ýaýramagy dini, taryhy we edebi kitaplaryň döremegine, golýazma kitaplaryň döremegine, olaryň golýazma kitaplary görnüşinde ýaýramagyna getiripdir. Türkmenistanyň çäklerinde orta asyrlarda dünýä ýaň salan ylmy, medeni ojaklaryň, kitaphanalaryň bolandygyna taryh şaýat. ХIII asyryň başynda Merwde ýaşan arap alymy Ýakut (1179-1229) şeýle ýazýar: “Men Merwden 616-njy ýylda (1219 ý) onuň iň oňat ýagdaýynda gaýtdym... Tatarlaryň bu ýurtlara çozuşy, olaryň weýran edilmegi netijesinde bolan zatlar bolmadyk bolsa, onda (Merwde) ýaşaýanlaryň sypaýylygy, mylaýymlygy hem-de esasy ylymlara degişli kitaplaryň köp bolanlygy üçin men Merwden gaýtmazdym. Men ony taşlap gaýdanymda, ol ýerde onlarça kitaphana bardy. Olaryň sany we artykmaçlygy ýaly zady men bütin dünýäde görmedim...” diýip ýazýar.

W.W.Bartold: “Seljuk imperiýasynyň döremegi netijesinde Oguz ýa-da türkmen halky, musulman dünýäsiniň durmuşynda ägirt uly wezipäni berjaý edipdir. Orta asyrlar döwründe şonuň ýaly ähmiýete beýleki türki halklaryň hiç birisi mynasyp bolmandyr.” diýip ýazýar. “Seljuk soltanlarynyň ählisi hem ylmyň, bilimiň howandary bolupdyrlar. Orta asyrlarda kitaplary saklaýan we bezelen golýazmalary döredýän kitaphanalar patyşalaryň howandarlygynda işläpdir. Kitaphanalarda diňe kitap saklanman, kitaplary ýazmak, göçürmek, bezemek, jiltlemek bilen meşgullanýan döwrüniň ylymly-bilimli adamlary jemlenip, ylym ojagyny döredipdirler.”- bu barada iňlis alymy B.Robinson “ХIV- ХVI asyrlarda Orta Aziýada kitap sungaty ” atly kitabynda belleýär. Ý.E.Bertels “Seljuklaryň agalygy juda ähmiýetli netijelere alyp barypdyr. Hususan-da, bu döwürde baý medeni durmuş kemala gelipdir, seljuk sungaty döräpdir. Ol geljekde, diňe gündogar ýurtlarynyň durmuşyndan däl, eýsem bütin dünýä medeniýetinde-de ägirt uly ähmiýete eýe bolupdyr” diýip ýazýar. Kitapşynaslyk, hatdatlyk özara baglanyşyklykda ösdürilip, kitaplary elde göçürmek däbi uly hormatdan peýdalanypdyr. Kätipler döwrüniň bezegçileri we jiltçileri bilen birlikde kitaphanalar üçin geň galarlyk golýazma kitaplary döredipdirler. Çeper ýazuwyň düzgün kadalary, galamyň we syýanyň hili, syýany taýýarlamagyň inçe syrlary bolup, bu barada ýörite eserler ýazylypdyr. Hatdatlyk sungaty barada Seljuk türkmen döwleti döwründe Soltan Sanjaryň köşgünde Al-Juweýni tarapyndan ýazylan “Kätipleri kämilleşdirmegiň basgançaklary ” (Atabat at-kataba) atly kitap kätipleri, mürzeleri kämilleşdirmekde gymmatly bolupdyr. Hatdatlyk sungaty, çeper ýazuw nesilden-nesle geçip, kämilleşmegiň netijesinde dünýä çeperçilik sungatynyň musulman Gündogaryna mahsus dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrüldi. Biziň golýazma ýadygärliklerimizdäki hatdatlyk sungaty, dürli bezegler bilen sazlaşyp, ajaýyp gözelligi döredýärler. Golýazma kitaplarymyz dünýäniň dürli künjeklerindäki kitaphanalara ýaýramak bilen dünýä alymlarynyň ünsüni özüne çekipdir. Hormatly Prezidentimiz : “ Türkmen taryhy edebiýaty, pelsepesi, sungaty öz gözbaşyny daşa, göne, hala ýazylan, geçmişe, şu günümize, geljegimize göz ýetirmäge ýardam edýän golýazma çeşmelerinden alyp gaýdýar. Golýazmalar pederlerimiziň kämil döredijilik ukyby, gymmatly pähim-paýhasy, ýiti zehini siňdiren, asyrlaryň dowamynda türkmeniň adyny şöhratlandyran medeni-ruhy gymmatlygymyzdyr” diýip belleýär. Biziň golýazma kitaplarymyz adamzadyň müňlerçe ýyllaryň dowamynda toplan paýhas hazynasy, edep ummanynyň baý tejribesini, geçmişiň taryhyny ebedileşdirip nesillere ýetirýär.

Türkmen halkynyň köp müň ýyllyk taryhynda dünýä siwilizasiýasynyň bäşinji merkezi hökmünde ykrar edilen gadymy Merwe aýratyn orun degişlidir.Taryhyň dürli döwürlerinde ol ykdysady, syýasy we medeni ösüşi bilen dünýäniň ünsüni çekipdir. ХI we ХII asyrlarda Beýik Seljuklar döwletiniň hemmetaraplaýyn pajarlap ösen döwri bolupdyr. Şol ýyllar dünýäniň dört tarapyndan geçýän söwda-kerwen ýollarynyň, ýagny, Beýik Ýüpek ýolunyň Merwiň üstünden geçmegi onuň hemmetaraplaýyn ösmegine ýardam edipdir. Şol döwürde Merw uly imperiýanyň we tutuş Horasanyň iň şöhratly paýtagt şäherine hem-de medeni durmuşyň toplanan ýerine öwrülýär. Merwde medreseler - orta asyrlardaky Gündogaryň ylymlar akademiýalary bolupdyr. Olarda esasan din taglymaty okadylan hem bolsa, şonuň bilen birlikde olar ylymly adamlaryň işleýän ýeri bolupdyr. Ol ýerde dünýäniň iň uly kitaphanalary ýerleşipdir, aýratyn “ylym öýleri” bar eken. Bu ýerde dünýä meşhur alymlar, akyldarlar ýaşapdyr. Türkmen soltanlarynyň köşgi-saraýlarynda ýüzlerçe alymdyr şahyrlar işläpdir, ylmyň dürli ugurlary boýunça gymmatly eserleri döredipdirler. Beýik Seljuk türkmenleriniň şadöwletiniň soňky soltany Sanjaryň köşgünde 300-den hem köp şahyrdyr alymlaryň bolandygyny taryhy maglumatlar tassyklaýar. Merwiň şol döwürdäki kitaphanalary barada ýazgylar hem kän. Olaryň biri “Aziziýe”, ony esaslandyran adam Sanjaryň saçakçysy. Eziz-ak-I-din-Abu Bekr Atik al Zinjani Reýhan. Bu kitaphanada 12 müň toma golaý kitap saklanypdyr. Beýlekisi “Kemaliýe”. Ol Nyzamyl mülk al-Hasan ibn Ishakyň öz gurduran medresesindäki kitaphanasy. Nyzamyl mülk bütin seljuk imperiýasynyň çäklerinde okuw jaýlaryny (medreseleleri) gurnap başlapdyr. Olara “Nizamiýa” atly kitaphanalar diýlipdir. “Nizamiýa” atly kitaphanalarda şol döwrüň meşhur alymlary işläpdirler, Nyzamyl mülk musulman Gündogarynyň ajaýyp şahsyýetleriniň biri hökmünde baha berlip, onuň öýi mydama alymlardan, kanunçylardan, hemaýatkärlerden doly bolupdyr. Nyzamyl mülk mekdepleri, medreseleleri Yspyhanda, Nişapurda, Hyratda, Balhda, Bagdatda hem gurdurypdyr, olary saklamak üçin ägirt köp möçberlerde pul harçlanypdyr, ylym, bilim ojaklarynyň sanyny barha artdyrypdyr. 1064-nji ýylda Nyzamy mülk seljuk soltany Alp Arslanyň weziri bolýar we şondan bir ýyl geçenden soň seljuklar tarapyndan 1055-nji ýylda basylyp alnan Bagdatda “Nizamiýa” ady bilen kitaphanasy bolan okuw jaýy açýar. Ol şol at bilen şonuň ýaly kitaphanany Merwde hem açýar. Edebi hazynalaryň gymmaty we baýlygy bolan Merw kitaphanasy beýlekilerden pes bolmandyr. Nyzamy mülküň döwürdeşi bolan Mej-al-Mülk al-Balasani hem Merwde kitaphana döredipdir. On birinji asyrda Şeref al- Mülk Abu Said Muhammet ibn Mansur tarapyndan esaslandyrylan ýene-de bir kitaphana bolupdyr. ХII asyrda Merwde “Amidiýe”, “Hatuniýe”, “Dumaýriýe”, “Yrak hatynyň” kitaphanasy, “Zamiriýe”, “Kemaliýe” we başga-da köp atly kitaphanalar bolupdyr. Mälik şa öz şalyk eden döwründe gadymy Merwde obserwatoriýa gurduryp, alymlaryň ylym bilen has içgin meşgullanmaklary, täze-täze açyşlary etmekleri üçin şertleri döredipdir. Omar Haýýam şol obserwatoriýada üç ýyl işläp, ylym bilen meşgullanypdyr, asman jisimlerini öwrenipdir. Ol şol döwrüň iň takyk musulman “ýylnamasyny” döreden alym hökmünde taryha girdi. Şu ýerde bir zady bellemek gerek. Ol hem bolsa köp şäherler bir döwrüň, bir siwilizasiýanyň merkezi bolup taryha giripdir. Merw bolsa iki döwrüň, ýagny antik we orta asyrlar döwründe hem gülläp ösen şäher bolupdyr. Soltan Sanjaryň köşk alymlarynyň arasynda şahyrlar Hasan Gaznewi, Abd-al Wasi, Emir Maizzi, hemme taraplaýyn bilimli adam we şahyr Enweri hem bolupdyr. ХII asyryň uly taryhçysy, özüniň önüp-ösen ýeriniň taryhynyň, geografik sözlüginiň awtory Samani Merwde önüp ösüpdir. Bu bolsa seljuklar döwründe Merwde intellektual adamlaryň bolandygyna şaýatlyk edýär.

Merwiň gadymy we şöhratly taryhyna nazar aýlasaň, bu ýerde güýçli şahslaryň ýaşap geçendigine göz ýetirýärsiň. Bu toprakda dürli döwürlerde ylmyň, bilimiň, medeniýetiň läheňleri bolan Omar Haýýam, Alyşir Nowaýy, algebra ylmynyň düýbüni tutan Muhammet al Horezmi we onuň şägirtleri, egindeşleri bolan Habaş Al Hasib, Ýahýa ibn Abu Mansur, Abdylla Al Merwezi we beýlekiler ýaşap geçirdirler. Türkmenler milli törelerine, ýol-ýörelgelerine baglylykda, baryp Oguz atamyzyň zamanasyndan başlap, taryhyň änli döwürlerinde ylma, bilime, kitaba uly ähmiýet beripdirler. Milli ýol-ýörelgelerimizde zenanlara, at-ýaraga we kitaba uly sarpa goýlupdyr. Aýal maşgala, hatyn döwletiň sag-aman durmagynda uly orny bolan “kinniwanja döwletleriň”-maşgalalaryň özenini döredipdir. At-ýarag döwletiň howpsuzlygynyň özenini, kitap bolsa döwletiň içindäki ylym-bilimiň özenini emele getiripdir. Irki we orta asyrlarda ýaşap geçen ençeme taryhçylar, alymlar, akyldarlar, syýahatçylar hem Merw barada, onuň ykdysadyýeti, medeniýeti barada, bu şäherde bolmakdan özlerinde bolan täsirler barada ýazgylar galdyryp gidipdirler. Şol ýatlamalarda seljuklar döwrüniň ösen medeniýetinden, aýratyn hem kitap çykaryjylak işinde ýetilen uly ösüşlerden habar berýär. Çingiz hanyň garakçy goşunlarynyň Merwe gelmezinden öň bu şäherde 48 kitaphananyň bolandygy aýdylýar. Olarda ylmyň onlarça ugruna degişli, şeýle hem dürli döwürlerde ýaşap öten, ýaşap ýören şahyrlaryň, filosoflaryň kitaplarynyň golýazma görnüşleriniň sanynyň bir milliondan geçýändigi barada maglumatlar saklanyp galypdyr. Merwiň dürli ugurlarda adamzat bilimleriniň saklanylýan hazynasy bolan kitaphanalary, hakyky ylym we bilim merkeziniň, onuň hökümdarlarynyň hakykatdan hem buýsanjy bolupdyr, dünýäniň köp ýurtlaryndan şol ýere barmaga çalşypdyrlar. Ine, şäheri zabt edip alan batlaryna Çingiz han şol ylym ojagyny ýakyp-ýandyrmagy buýrupdyr. Netijede, şol döwrüň şeýle baý edebi mirasynyň köp gymmatly maglumatlary biziň döwrümize ýetmän galypdyr. Ýöne şeýle-de bolsa biziň ruhybelent arheologlarymyz, gadymyýeti öwrenijilerimiz heniz-henizlerem ol ýerde geçirýän ýazuw-agtaryş işleriniň barşynda tapylýan gymmatly tapyndylardan çen tutup, şol kitaphanalardan doly el üzenoklar. Olaryň çaklamalaryna görä, ýagynyň gelýändigini eşidip, kimdir bir dana kişiniň kitaplaryň bir bölegini aýratynam Merwe degişlilerini bir ýerlerde gizläp goýan ýaly. Hormatly Prezidentimiz şeýle diýýär: “ Biz bu ýerde her bir ädimde türkmen halkynyň beýik taryhynyň subutnamalaryny tapýarys, türkmen halkynyň ata-babalary birmahallar kuwwatly, gülläp ösen döwletleriň onlarçasyny esaslandyrypdyrlar, şonda ylym, edebiýat we sungat aýratyn hormata eýe bolupdyr.” Merwde kitaphana acmak pikiri 1891-nji ýylda döredýär. Ol wagt Merw harby-administratiw merkez bolupdyr. Jemgyýetçilik kitaphanasyny açmak haýyşy bilen Merwiň bilimli adamlary Zakaspiý oblastynyň ýolbaşçysyna ýüz tutupdyrlar. Bu haýyş 1908-nji ýyla çenli başa barmaýar. “Zakaspiýskoýe obozreniýe” gazediniň şol ýyldaky sanlarynyň birinde Merwde Şula-Petrowskaýa diýen aýalyň hususy kitaphanasyny açandygy barada habar berilýär. Şondan dört ýyldan soň, 1912-nji ýylyň 8-nji aprelinde şol kitaphananyň esasynda Merwde ilkinji jemgyýetçilik kitaphanasy dabaraly ýagdaýda açylýar. Dabara şäheriň bilimli we barly adamlary gatnaşypdyrlar. Kitaphana Sula-Petrowskaýa ýolbaşçylyk edipdir. Kitaphana esasan okyjylaryň getiren kitaplarynyň hasabyna baýlaşypdyr. Şol wagt kitaphananyň 8 sany kitap tekjesi bolup, gaznasy 5 müňe golaý bolup, esasan rus, pars, ermeni we dillerindäki kitaplar bolupdyr. 1923-njni ýylda kitap gaznasy 8 müňe barypdyr. 1925-nji ýylda kitaphanada türkmen dilinde 115 sany kitap bar ekeni. 1960-njy ýylda kitaphanayň gaznasy 72107-ä ýetipdir. Kitaphananyň 8 sany otagy we 16 sany işgäri bolupdyr. Kitaphana welaýat kitaphanasyna öwrülenden soň ýapyk gazna, usuly, neşir işlemek bölümler açylýar we elipbiý, ülkeşynaslyk, pudak kataloglary döredilipdir, kitaphanara abonementi işläp başlapdyr. 1987-nji ýylda kitaphananyň 188440 , 1992-nji ýylda 212037 kitap gaznasy bolupdyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde kitaphanalaryň işi ýola goýulýar. 2008-nji ýylyň ýanwar aýynyň 11-ne döredijilik işgärleri bilen geçiren duşuşygynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň garamagynda “Galkynyş” kitap merkezini döretmek barada aýtdy we şol ýylyň 23-nji iýunynda “Galkynyş” kitap merkezi döretmek hakynda № 9874 belgili karara gol çekdi. Hormatly Prezidentimiziň 2010-njy ýylyň ýanwar aýynyň 15-ndäki № 10783 belgili karary esasynda Mary welaýat kitaphanasynyň täze binasynyň düýbi 2010-njy ýylyň fewral aýynyň 15-ne tutuldy. 2010-njy ýylyň 1-nji aprelinden etrap, şäher merkezi kitaphanalary döretmek hakdaky karara gol çekdi. Bu karar gysga wagtyň içinde durmuşa geçip, 141 sany kitaphana şahamçalary işe başlady. 2011-nji ýylyň oktýabr aýynyň 20-ne Mary welaýat kitaphanasynyň täze binasy açyldy we ulanmaga berildi. Häzirki wagtda Mary welaýatynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagynda 44 sany kitaphana bolup, olaryň 30-y şahamça, 11-sanysy etrap merkezi, 1-ri merkezi şäher, 1-si welaýat çagalar we Mary welaýat kitaphanasy hereket edýär. Mary welaýat kitaphanasy usuly merkez hökmünde kitaphana işini alyp barýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde kitaphanalar uly ösüşlere eýe bolýar. 2015-nji ýylyň 27-nji martynda çykaran "Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky merkezi kitaphanalarda bitewi elektron kitaphana ulgamy döretmegiň meseleleri hakynda” № 14178-nji kararyna laýyklykda ýurdumyzyň merkezi kitaphanalarynyň 76-syny birikdirýän bitewi elektron kitaphana ulgam işini başlady. Mary welaýatynyň 14 sany merkezi kitaphanalary elektron ulgama birikdirilip, okyjylara talaba laýyk hyzmatyny ýerine ýetirýär.