Menu
KITAP BILIMLERIŇ ÇEŞMESIDIR!

MARY WELAÝAT KITAPHANASY

<
KITAPHANA BARADA MAGLUMAT

KITAPHANA BARADA MAGLUMAT

Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde milli medeniýetimizi we sungatymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, türkmen halkynyň ruhy baýlygy bolan milli neşir önümleriniň, ata-babalarymyzyň ruhy siňen milli golýazmalaryň we gadymy kitaplaryň häzirki zaman şertlerinde goralyp saklanmagyny üpjün etmek, halkymyzyň kitaba, okamaga höwesini artdyrmak we ýurdumyzda kitaphana işini kämilleşdirmek, şeýle hem Mary şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen Mary welaýat kitaphanasynyň täze binasynyň düýbi 2010-njy ýylyň fewral aýynyň 15-ne tutuldy we 2011-nji ýylyň oktýabr aýynyň 20-ne okyjylar köpçüligine özüniň gapysyny açdy. Ähli amatlyklar we şertler döredilen bu kitaphanada okamak, bilimiňi artdyrmak, döredijiligiňi kämilleşdirmek üçin ähli şertler we amatlyklar döredilen. Kitaphana özüniň owadanlygy we amatlyklary bilen haýrana galdyrýar. Kompýuter zally, internet zally, ýaşuly neslimiz üçin ýörite gündogar äheňinde gurnalan okalga otagly, kafeli, Galkynyş otagly, çagalar üçin niýetlenen oýun otagly, ululy-kiçili okalgaly, türkmen kitabynyň taryhy müzeýli, kiçi maslahat zally, uly konferens zally, üçeginde ýerlendirilen obserwatoriýaly kitaphana biziň ýurdumyzyň buýsanjydyr.


Mary welaýat kitaphanasy welaýatyň etrap merkezi kitaphanalary we olaryň şahamçalary üçin usuly merkez bolýanlygy sebäpli, etraplar bilen özara içgin baglanyşyklykda işlenýär. Muňa aýlyk, ýyllyk meýilnamalar, hasabatlar we etraplar bilen geçirilýän seminar-maslahatlar, olara usulu kömek bermek üçin gidilýän iş saparlary hem mysal bolup biler. Türkmenistan döwleimizde geçirilýän döwlet derejesindäki baýramçylyklara we şanly senelere bagyşlanyp hem dürli tematikadaky, dürli möçberdäki çäreler geçirilip, belli ýazyjy-şahyrlaryň, kompozitorlaryň, suratkeşleriň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly duşuşyk agşamlary, söhbetdeşlikler, gürrüňdeşlikler gurnalýar. Kitaphanada okyjylar konferensiýalary, bäsleşikler geçirilýär. Täze gelýän edebiýatlaryň tanyşdyryş dabaralary, mowzuklaýyn we hemişe hereket edýän kitap sergileri gurnalýar. Okyjylaryň isleglerini doly kanagatlandyrmak we maglumatlary doly açyp görkezmek maksady bilen kitaphanada (BEKU) bitewi elektron kitaphana ulgamy we internet ulgamy hereket edýär.

Mary welaýat kitaphanasynyň täze binasynyň umumy tutýan meýdany 13 müň 700 metr kwadrat. Kitaphananyň 1-nji gatynda birnäçe okalga zallar bilen bilelikde Galkynyş otagy, ýaşuly neslimiz üçin ýörite gündogar äheňinde gurnalan okalga otagy, çagalar üçin ýörite oýun otagy,kompýuter zaly, internet zaly, okyjylary kabul edýän registratura, garderob, kamera otagy, hyzmat ediş bölüminiň iş otaglary ýerleşdirilen. Ýaşuly neslimiz üçin ýörite gurnalan otagymyzda okyjylarymyz üçin ähli amatlyklar bar. Haly bilen bezelen otagda ýaşulylarymyzyň islegine görä hatjalary öňüne goýup, ýumşak ýerde oturyp çaýyň başynda gerek bolan edebiýatlaryny alyp okamaklyk şertleri döredilen. Kitaphananyň 2-nji gatynda katalog otagy, birnäçe okalga zallar, türkmen kitabynyň taryhy müzeýi, sungat bölümçäniň, kitaplary toplaýan we işleýän bölümiň, ülkeşynas we sorag-jogap düşündiriş bölümleriniň iş otaglary ýerleşdirilen.

Kitaphananyň 3-nji gatynda kabulhana, iş otaglary, usuly bölüm, syýasy-jemgyýetçilik bölümi, hasaphana için otaglar ýerleşdirilen. Ondan daşary kiçi konferens zaly we uly maslahat zaly bar.

Kitaphananyň ýerzemin böleginde hazyna bölümi, kiçi tipografiýa we kitaplary rejelemek üçin niýetlenen otaglar ýerleşdirilen.Kitaphananyň içindäki ähli okalga zallar, katalog otaglary we iş otaglary kompýuterler bilen üpjün edilen. Kitaphana gelýän okyjylar diňe kitaby, edebiýatlary ele alyp okamak mümkinçiligi däl, eýsem elektron kitaplary okamak mümkinçilikleri döredilen. Mary welaýat kitaphanasynyň işgärleri tarapyndan täze çykýan edebiýatlary we okyjylar tarapyndan has köp soralýan edebiýatlary, seýrek duş gelýän edebiýatlary, az ekzemplýarly edebiýatlary elektron görnüşine geçirmek usuly ulanyp, olary giň okyjylar köpçüligine wagyz –nesihat işlerini geçirmek ýaly işleri alnyp barylýar.

Kitaphananyň katalog otagynda ýönekeý we elektron katalogy bile ýöredilýär. Kitaphanadaky bar bolan edebiýatlar, gazet, žurnallardaky maglumatlar elektron görnüşine geçirilýär . Bu iş kitaphanaçylar üçin hem, kitaphananyň hyzmatyndan peýdalanýan okyjylar üçin hem gerek bolan maglumaty alyp ulanmak üçin aňsat we elýeterli usul hökmünde ulanyp bolýar. Kitaphana täze okyjylary çekmek, olarda kitaba bolan söýgini döretmek, kitaba bolan hormaty has-da çuňlaşdyrmak maksady bilen Mary welaýat kitaphanasynda elektron kitaplary ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat işini ýola goýup, ony has-da kämilleşdirmek maksady bilen mekdep kitaphananyň kitaphanaçylary bilen bilelikde mekdeplerde, ýörite okuw jaýlarynda täze gelýän edebiýatlaryň kitap sergileri, medeni- köpçülik çäreleri, duşuşyk agşamlary geçirilýär we şol ugra degişli kitaplar bilen tanyşlyk, olaryň elektron görnüşleri okuwçylara we talyplara wagyz işi geçirilýär. Bu tejribe kitaphana okamaga gelýän okyjylaryň sanynyň artmagyna getirýär.

Ülkeşynas, sorag-jogap we düşündiriş bölüminde döwürleýin neşirleriň mini programmasy işleýär. Bu hem islendik tema boýunça gerek maglumatlary alyp bolýar. Awtor boýunça ýa-da pudak boýunça hem gözleg aňsat usuly bolýar.

Mary welaýat kitaphanasynyň häzirki mümkinçiliklerini peýdalanyp astronomiýa mugallymlary bilen içgin arabaglanyşykda bolup, astronomiýa ylmyny öwrenýän, asman jisimleri bilen gyzyklanýan okyjylar üçin aýratyn çäreler we obserwatoriýa baradaky düşünjäni çuňlaşdyrmak maksady bilen hem aýratyn çäreler geçirilýär we gezelençler gurnalýar.

Kitaphananyň üçegi açylyp-ýapylýan gümmezli, obserwatiriýa üçin niýetlenen iş otagly hem-de häzirki zaman kompýuter enjamlary we Germaniýadа öndürilen teleskop enjamy oturdylan otag bar. Obserwatoriýa otagynda teleskopyň we kompýuterleriň kömegi bilen asman giňişligini synlamak mümkinçiligi döredilen. Mary welaýat kitaphanasynda Germaniýadа öndürilen häzirki zaman tehniki mümkinçilikleri bolan 0,8 metrlik “Alt-Azimutly Kassegren-Nesmit Astelko” kysymly, agramy 2,5 tonna barabar kämil teleskop bar. Mary obserwatoriýasyndaky teleskopyň 0,8 metrlik ölçeg giňişligi bolup, açyk gözýetimi kämil ýagdaýda görmek mümkinçiligi döredilen we teleskopyň tehniki enjamlary arkaly ýada salmak hem-de giňişligi gaýtadan görkezmek mümkinçilikleri göz öňünde tutulan.